Ýaşlar –Watanyň buýsanjy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ýaşlar – Watanyň buýsanjy» atly gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasadyndan dörän «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly çuň many-mazmuna hem-de taryhy ähmiýete ýugrulan bu eser ýaş nesillerimiz üçin ýol-ýörelgedigi, şeýlede bu ajaýyp eserde döwletimiziň bagtyýar geljegine bolan beýik ynamy has-da berkitýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda kitaphanamyz tarapyndan guralan gürrüňdeşlik 26-njy orta mekdebiniň okuwçylarynda Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ajaýyp kitaby ýatdan çykmajak ajaýyp sowgat bolanlygy, çünki munuň özi Watanymyzyň geljegini ýaşlaryň mümkinçiliklerinde görýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlaryna bildirýän belent ynamynyň nyşanyna öwrüldi diýip öz ýürek buýsançlaryny belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.