Ýylyň şygary- döwrüň çyragy


Ýylyň şygary- döwrüň çyragy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Ýylyň şygary - döwrüň çyragy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň her bir setiri ähli türkmen halkyna esasan hem ösüp gelýän ýaş nesillere gymmatly gollanma, ýol-ýörelge bolup halkyň kalbyna, ruhyna siňendigini, şahryň şygyrlary pikir sagdynlygy jemgyýetiň ösüşiniň ähli döwürleri üçin hem wajypdygy bilen tapawutlanýandygy hakynda wagyz etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletlilik, adalatly döwlet gurmak barada şeýle kämil pikirleri öňe süren Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy nukdaýnazardan öwrenmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.