Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti


Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Çärede türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary halkymyzyň ýan kitaplaryna öwrüldi. Şeýle-de bu eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti, durmuşyň gözelligi, zeminiň abadançylygy, ýaşaýşyň giň mazmuny, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn ýaşaýyşyň ýörelgeleri, zähmetsöýerlik ýaly türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerligi, belent adamkärçiligi, Watana wepalylygy, päk ahlaklylygy ýaly düşünjeleri rowaýatlaryň, tymsallaryň üsti bilen açylyp görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynyň ýaş nesiller üçin aýratyn gymmatly gollanma bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda 38-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň eserleri barada sorag-jogap alyşdylar.