Döwlet guşy


Döwlet guşy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanyndan Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu döredijilik duşuşygynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet guşy” romanynda kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň Beýik Watançylyk urşuna gabat gelen çagalygynyň bir ýarym ýylynyň mysalynda onuň il-gününe, Watanyna, onuň päk söýgüsi, her günki bitirýän uly işleri, ruhubelentligi, gaýduwsyzlygy barada ussatlyk bilen beýan edilýär. Bu romanda türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň «Ýeldim tut» atly ajaýyp goşgusynyň adamlary mertlige, gaýratlylyga, ruhubelentlige çagyrýanlygy hem nygtalýar. Romandaky çuňňur ynsanperwerlige, gahrymançylyga ýugurlan ajaýyp obrazlar okyjylarda uly täsir galdyrýar diýip nygtamak bilen Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.