Edebiýat agşamy


Edebiýat agşamy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Ähli mekan-zamanlaryň çyn-hakyky raýaty – Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen edebiýat agşamy geçirildi.

Edebiýat agşamynda çykyş edenler türkmen şygryýetiniň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk, bu ugurda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ojaklarynda geçirilýän dabaralar, guralýan sergiler, ýazyjy-şahyrlaryň, edebiýatçy alymlaryň, bu ugurda ýazan eserleri, ylmy işleri, şeýle hem nusgawy şahyrymyzyň ömri we döredijiligine bagyşlanan täze çap edilen kitaplar hakynda giňişleýin söhbet etdiler.