Durmuş kitabyny okan, teswirlän, Döwletmämmet ogly Magtymgulydyr
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda «Durmuş kitabyny okan, teswirlän, Döwletmämmet ogly Magtymgulydyr» ady bilen aýdym – sazly, wagyz – nesihat çäresi geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň gymmatly hazyna öwrülendigi, şeýle-de şahyryň şygyrlarynyň bahasyna ýetip bolmajak edebi mirasynyň ýaşlary terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolup durýanlygy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda dürli görnüşli medeni çäreleriň, dabaralaryň, duşuşyklaryň, wagyz – nesihat çäreleriniň yzygider bellenilip geçirilýändigi barada belläp geçdiler.