Arkadagyň kitaplary-ýürekleriň kelamy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Arkadagyň kitaplary - ýürekleriň kelamy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň her biri watansöýüjilik, ata-enä hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, halallyk, bir sözlülik ýaly türkmeniň öňden gelýän milli ýol-ýörelgeleri, türkmen halkyna mahsus bolan milli terbiýesi, öwüt-ündewleri içinden eriş-argaç bolup geçýän kitaplaryň bu günki gün, diňe bir türkmen halkynda däl eýsem, daşary ýurtlarda-da uly gyzyklanma döredip, her bir adam üçin uly gollanma bolup durýandygy barada täsirli gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň dowamynda Hormatly Arkadagymyzyň kitaplarynda öz ömrüniň manyly menzilleri hakyndaky ýatlamalary, her bir ynsan üçin, galyberse-de, bütin adamzat üçin gymmatly bolan arzuw-umytlar, duýgy-düşünjeler, pikir-garaýyşlar, Watanymyzyň ösüşli menzillerini beýan edilýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.