Garaşsyz Watanymyzda maşgala mukaddesligine belent sarpa goýulýar
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda «Garaşsyz watanymyzda maşgala mukaddesligine belent sarpa goýulýar» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda mähriban gelin-gyzlarymyza hormat-sarpa goýulyp, zenan edebine aýratyn söýgi bilen garamak, olary mukaddesligi deňemek ýaly ajaýyp ýörelgeler belent derejelere göterilýändigi, şeýle-de zenan mertebesiniň belentde tutulmagy, ýaşlaryň, kümüş saçly enelerimiziň pähim-paýhasa ýugrulan mähriban sözleriniň, görüm-göreldesiniň esasynda terbiýelenmegi asylly, abraýly maşgalanyň kemala gelmeginiň esasyny düzýär. Zenan maşgala ahlak gözelligiň nusgasy, mukaddes ojagyň diregi bolup durýanlygy barada gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen zenanlarynyň bagtyýar durmuşy babatda beýik işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.