Magtymguly Pyragynyň şygryýeti çäksiz dünýä
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşygynyň Geňeşi bilen bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragynyň şygryýeti çäksiz dünýä» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde türkmen halky Magtymguly Pyragynyň sarpasyny belentde tutup, beýik söz ussadyň edebi mirasynda ençeme temalar öz çeper beýanyny tapýandygy, şeýle-de şahyryň şygyrlarynda pähim-paýhasly, parasatly, ylymly-bilimli, mylakatly, sypaýçylykly, hoş sözli, giň dünýägaraýyşly we birnäçe asylly häsiýetleri ündeýän parasatly setirleri umumadamzada gymmatly gollanma, ýol-ýörelge bolup durýanlygy barada giňişleýin söhbet etdiler.