Türkmen halkymyzyň köňlüniň täji, ähli ýürekleriň nury Pyragy


Türkmen halkymyzyň köňlüniň täji, ähli ýürekleriň nury Pyragy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy hem-de ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebi bilen bilelikde guramagynda «Türkmen halkymyzyň köňlüniň täji, ähli ýürekleriň nury Pyragy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan döredijilik mirasynyň ynsan kalbynda müdümi orun eýelän beýik şahsyýetdigi, onuň döredijiliginiň bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigi, şeýle-de akyldar şahyrymyzyň edebi mirasynyň halkara derejesindäki ähmiýetiniň bütin dünýäde ykrar edilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylarynyň şahyryň sözlerine ýerine ýetiren birnäçe aýdymlarydyr, goşgulary çärä gatnaşýanlara ruhy lezzet paýlady.