Beýik şahyryň belent sarpasy


Beýik şahyryň belent sarpasy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda «Beýik şahyryň belent sarpasy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylýan ýyly bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda nusgawy edebiýatymyzyň gymmatlygyny dünýä ýaýmak we ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgeleriň birine öwrüldi. Bu bolsa Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda müdimilik orny eýelän beýik şahsyýet bolup, akyldar şahyryň döredijiligi bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga öwrüldi. Dana şahyryň Watanyň ezizligini, mukaddesligini, gadyr-gymmatynyň beýikligini nygtap geçýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda nusgawy şahyrymyzyň ajaýyp eserlerini, milli mirasymyzy ylmy esasda öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.