Magtymguly Pyragy – türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda


Magtymguly Pyragy – türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy Türkmenistanyň Energetika Ministrliginiň Aşgabat şäher energetika orta hünär okuw mekdebinde «Magtymguly Pyragy – türkmen halkynyň milli we edebi mirasynda» ady bilen göçme kitap sergisi gurnady.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny Garaşsyz ýurdumyzda halkara derejesinde bellenilip geçilýän şanly toýunyň dabaralaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde onuň baý mazmunly, umumadamzat ähmiýetli edebi mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde uly işleriň alnyp barylýanlygy, barada, şeýle-de Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadygy, şol gymmatly ruhy baýlygy göçme kitap serginiň üsti bilen gurnalyp talyp ýaşlaryň arasynda giňişleýin beýan edildi.

Göçme sergä gatnaşanlar ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly aladalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.