Milli mirasymyzy goralyň


Milli mirasymyzy goralyň

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi bilen bilelikde «Milli mirasymyzy goralyň» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň milli mirasy bolan türkmen halylarymyz, bedew atlarymyz, milli saz guraly bolan dutarymyz, medeniýetimiz we sungatymyz hakynda çykyş etdiler. Hem-de ýurdumyzda giňden bellenilýän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap söhbet etdiler. Söhbetdeşlige gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Magtymguly Pyragynyň keramatly şahyr bolup, türkmeniň ýüreginde, gudratly akyldar bolup serinde, göçgünli tüweleý bolup ruhunda ýaşap, türkmen halkynyň bakylygynyň aýdymyna öwrülip, dilden dillere, ýyllardan ýyllara, asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere, halklardan halklara geçip ebedi ýaşajakdygy barada belläp geçdiler.

Şeýle hem «Milli mirasymyzy goralyň» atly söhbetdeşligiň çäginde «Arşa galdyň, şahyr Arkadag bilen!» atly giňişleýin kitap sergisi gurnaldy.