Arkadagyň sarpasy – Pyragynyň paýhasy


Arkadagyň sarpasy – Pyragynyň paýhasy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halypa ýazyjy-şahyrlaryň we ýaş žurnalistleriň gatnaşmaklarynda «Arkadagyň sarpasy – Pyragynyň paýhasy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar parasat ýugrumy ýetirilen şygyrlaryna umumadamzat pelsepesini siňdirendigi, pikiri kalplara ýetirmegiň täze, täsirli ýoluny tapandygy, dana Pyragynyň başga bir şahyrda ýok, asla bolup bilmejek aýratynlygy hakynda gürrüň etdiler. Akyldar şahyryň şygyrlary geçmişiň, öz ýaşan döwrüniň iň wajyp garaýyşlaryna eýlenendir. Döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar öz çykyşlarynda, hut şonuň üçin-de Gahryman Arkadagymyzyň «Onuň bize galdyran döredijiliginiň gymmatyna diňe bir çeper söz, şygyr jähetinden baha berilse, Magtymgula diňe şahyr hökmünde garalsa, bärden gaýdyldygy bolar» diýip belleýşi ýaly, akyldara nesiller adaty şahyr derejesinde has belent orun berýändigi barada söhbet etdiler.