Milli gymmatlyklary çeper şöhlelendirýän dana şahyr


Milli gymmatlyklary çeper şöhlelendirýän dana şahyr

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Milli gymmatlyklary çeper şöhlelendirýän dana şahyr» ady bilen kitap sergisi gurnady we gürrüňdeşlik geçirdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede bellemek hakyndaky durmuşa geçirilýän işler, akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, akyldar şahyryň bahasyna ýetip bolmajak edebi mirasy ýaşlary terbiýelemekde uly gollanma bolup durýanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenlerimiz tarapyndan guralan kitap sergisi mekdep okuwçylarynda uly täsir galdyrdy.