Saýrak dilli şahyr Gurbannazar Ezizow


Saýrak dilli şahyr Gurbannazar Ezizow

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Saýrak dilli şahyr Gurbannazar Ezizow» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň hem-de Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň eýesi, şahyr Gurbannazar Ezizow türkmen edebiýatynyň, şygryýetiniň ösmegine çuň mazmunly goşgular bilen baýlaşmagyna uly goşant goşan meşhur şahyrymyz. Çuňňur durmuş pelsepelerine ýugrulan goşgulary, poemalary indi ençeme ýyllar bäri watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, gözelligiň aýdymyna öwrülip, halkyň kalbynda baky orun alýanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen edebiýatymyzy ösdürmekde, dünýä ýaýmak boýunça giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.