Bagtyýar zamanda zenanlaryň waspy


Bagtyýar zamanda zenanlaryň waspy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener–tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Bagtyýar zamanda zenanlaryň waspy» ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen zenanlaryň jemgyýetde uly ornunyň barlygy, ýurdumyzda köp çagaly maşgalalara döwlet goldawynyň berilýänligi, her ýylda Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň zenanlarynyň birnäçesine halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we ondan köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly atlaryň dakylmagy, döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy mährem enelere, mährem zenanlara goýulýan sarpanyň örän belentligini görkezýändigi barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda şahyr zenanlarymyzyň bagtyýarlygy, wepadarlygy, ene söýgüsi hakda, mähriban topragymyzyň deňsiz-taýsyz gözelligini wasp edýän şygyrlary bilen talyplaryň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar gurnaldy.