Eneler durmuşyň bezegidir
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen paýtagtymyzda ýerleşýän 80-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Eneler durmuşyň bezegidir» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenan mertebesiniň belentde tutulmagy, ýaşaýşyň diregi, dünýämiziň bahar görki bolan enelerimiziň, uýalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň, asylly, abraýly, zenan maşgala ahlak gözelligiň nusgasy bolup, mukaddes ojagyň diregidigi barada, şeýle-de kümüş saçly ene-mamalarymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan mähriban sözleriniň, görüm göreldesiniň esasynda terbiýelenmegi, zenanlarymyzyň mertebesini belent tutmagy öz gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýanlygy barada giňişleýin çykyş edildi. Mekdep okuwçylary ene-mamalarymyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlary, goşgulary ýerine ýetirdiler. Bu bolsa oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.
Çäräniň ahyrynda türkmen zenanlarynyň bagtyýar durmuşy babatda beýik işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.