«Türkmenistan dünýä siwilizasiýasynyň sallançagy: milli miras we möhüm wezipeler»
Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 15-nji dekabrynda çykaran 510 karary bilen tassyklanan «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyny» tassyklady. Şol maksatnama laýyklykda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýadygärliklerde alyp barylmaly işler üçin ýörite topar döredildi.
Döredilen toparda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, welaýatlardaky taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň alymlary, rejeleýji arhitektorlary, rejeleýji ussalary, hünärmenlerinden ybarat boldy. Bu topar Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýadygärliklerde gazuw-barlag işlerini we saklanan arhitektura ýadygärliklerinde rejelemek işlerini yzygiderli alyp bardylar.
Ýakynda Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň ýolbaşçylygynda, onuň alymlarynyň we hünärmenleriniň şeýle hem taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ýaz möwsüminde ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyny ylmy taýdan öwrenmek we rejelemek boýunça alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanan «Türkmenistan dünýä siwilizasiýasynyň sallançagy: milli miras we möhüm wezipeler» atly ylmy maslahaty geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde taryhy-medeni ýadygärliklerine degişli kitap sergisi we onuň bilen bagly ýerine ýetirilen taslamalar sergilendi.


-Kaka etrabynda ýerleşýän orta asyr Abiwerd şäherinde arheologik gazuw-barlag işleri, onuň kerwensaraýynda hem dowam etdirildi. Abiwerdiň kerwensaraýy şäheriň çäginde, içki galadan 500 metre golaý günortada ýerleşýär. Kerwensaraýyň günorta-gündogar gorag diwaryna ýanaşyk gurulan otaglaryň birnäçesiniň üsti açyldy. Ýüze çykarylan otaglaryň 2-si ýaşaýyş otagy bolup hyzmat edipdir. Bulardan başgada aşhana we hammam otagy hem ýüze çykaryldy. Alnyp barylan gazuw-barlag işleriň dowamynda dürli görnüşli keramik we kaşin tabaklaryň, şakäseleriň, çanaklaryň, bir gulply suwküýzeleriň, 2 gulply golçalaryň bölekleri, ýag çyralary, demir pyçak we beýleki arheologik tapyndylaryň görnüşleri ýüze çykaryldy.
Häzirki Köneürgenç etrabynyň demirgazyk-günbatar tarapynda uly giňişlikde arheologik we arhitektura binagärlik toplumy ýaýylyp gidýär. Bu toplumda arheologiýa gazuw-barlag we rejeleýiş-berkidiş işleri yzygiderli ýerine ýetirilýär.
«Kerwensaraýyň» peştagy diýip atlandyrylan arhitektura ýadygärliginiň günorta, demirgazyk-günbatar böleginde Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň, «Ýöriteleşdirilen ylmy-rejeleýiş önümçilik ussahanasynyň» alymlarynyň, arhitektorlarynyň, hünärmenleriniň, rejeleýji ussalary bilen bilelikde gazuw-barlag işleri geçirilýär.
«Kerwensaraýyň» peştagynyň merkezi okundan demirgazyga 24,05 metre uzaýan diwarynyň ölçegi kesgitlenildi. Hem-de şol aralykdan günbatara tarap aýlanyp 25,57 metr uzynlykda dowam etýän diwarynyň üsti açyldy. Bu diwarda dürli geometrik şekilleri düzýän oýma nagyşly böleginiň saklanan bölegi ýüze çykaryldy. Nagyşlar sekizburçly, süýndirilen altygyraňlyklary, üçburçluklary emele getirip, onuň içinde oýma ösümlik bezegleri ýerleşdirilipdir. Şeýle hem geçirilen işleriň dowamynda keramika önümleri, bürünçden ýasalan şaý-sepler, binagärlikde ulanylan oýma we syrça bezeg görnüşleri ýüze çykaryldy. Ýüze çykarylan tapyndylaryň hemmesi «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň «Daş metjit» Halk hünärmenler muzeýine tabşyrylyp islendik ildeşlerimiziň görmekleri üçin sergilendi. Ýüze çykarylan diwarlarynyň ýiten böleklerinde rejeleýiş-berkidiş işleri talaba laýyk ýerine ýetirmek üçin taslamanyň üstünde işlenilýär.


«Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşýän Abdyllahan galasynyň girelge derwezesiniň ýerleşen ýerinde hem arheologik gazuw-barlag işleri dowam etdirilýär. Bu işleriň netijesinde galanyň derwezesiniň ýerleşen ýeri anyklanyldy. Derwezäniň ýüze çykan galyndylary hünärmenler tarapyndan öwrenilýär we çyzga geçirilýär hem-de ýadygärligi rejelemegiň ylmy taslamasy düzülýär. Onuň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän gorag diňinde rejelemek-berkidiş işleri geçirildi. Şeýle hem günbatar derwezinde gazuw-barlag işleriniň dowamynda binýat bölekleri ýüze çykarylyp, onda konserwasiýa işleri alnyp baryldy.
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda ýerleşýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky möhüm duralgalaryň biri bolan XI-XII asyrlara degişli Daýahatyn kerwensaraýynda rejeleýiş işleriniň ikinji tapgyry tamamlandy. Bu tapgyryň dowamynda ýadygärligiň demirgazyk-gündogar, demirgazyk-günbatar tarapyndaky otaglaryň we içki howlyny gurşan däliziň diwarlary asyl nusgasyna laýyklykda rejelendi. Hünärmenler tarapyndan kerwensaraýyň otaglarynyň belli bir böleginiň iç ýüzleri arheologiýa taýdan arassalanyp binanyň aşaky binýady öwrenildi hem-de zerur bolan taslama çyzgylary ýerine ýetirildi. Demirgazyk-gündogar diwarynyň gündogar tarapynda ýerleşýän, ýokaryk çykylýan basgançagynyň diwar ýüzleri arassalanylyp rejeleýiş-berkidiş işleri geçirildi. Bu arhitektura ýadygärliginiň ýokarky bölegi hem öwrenilip, onuň ýokarsyndaky dürli görnüşdäki penjirelerinde (sekizgyraňly, romb, dörtburç) rejeleýiş-berkidiş işleri alnyp baryldy.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri Daýahatyn kerwensaraýyny rejelemek işleriniň üçünji tapgyryna taýynlyk görýärler. Bu tapgyryň dowamynda kerwensaraýyň esasy girelge tarapynyň daş ýüzüniň diwarlaryny rejelemek meýilleşdirilýär. Bu gadymy diwarlar ýadygärligiň örän wajyp ähmiýete eýe bolan şeýle hem iň çylşyrymly bölekleriniň biridir.


Balkan welaýatyndaky «Gadymy Dehistan» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşýän orta asyr Juma metjidiniň (XII-XIII asyrlaryň başy) girelge peştagyny (portal) rejelemek hem-de ýadygärligiň gadymy döwürlerde ýumurylan diwarlarynyň aýry-aýry böleklerini ylmy esasda dikeltmek boýunça esasy işler tamamlandy. Hususanda, metjidiň bir mahal ýumurylan esasy girelgesiniň arkasy, şeýle hem içki diwarlarynyň aýry-aýry bölekleri asyl nusgasyna laýyklykda dikeldildi. Bu işlere Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň we «Ýöriteleşdirilen ylmy-rejeleýiş önümçilik ussahanasynyň» alymlary, hünärmenleri, rejeleýji ussalary işjeň gatnaşdylar.