Watana deňelýär ene ýüregi


Watana deňelýär ene ýüregi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Watana deňelýär ene ýüregi» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde dünýäniň görküne deňelýän eneleri, zeminiň zynaty hasaplanýan zenanlaryny mertebelemek, halkymyzyň arkama-arka dowam edip gelýän asylly däpleriniň biri bolup, maşgala ojaklarynyň daýanjy, öýlerimiziň ýaraşygy bolan zenanlar bu günki gün türkmen jemgyýetinde-de iň sylanýan, arzylanylýan ynsanlardygy, şeýle-de türkmen zenanlarynyň jemgyýetimizde eýeleýän orunlarynyň örän uludygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ähli zenanalarymyza uly hormat, sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.