Watanym Berkarar-zenan bagtyýar!


Watanym Berkarar-zenan bagtyýar!

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Watanym Berkarar-zenan bagtyýar!» ady bilen Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp baýramçylyk dabarasy geçirildi. Şu günki baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, biziň enelerimiz we käbelerimiz hakynda edýän Döwlet derejesindäki aladalary, Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp zenanlarymyza sowgatlarynyň gowşurylýanlygy barada söhbet etdiler.

Enelerimiz, käbelerimiz biziň bahar-ýaza meňzeş, ajaýyp gül-gunçalara meňzeş gelin-gyzlarymyz hakynda goşgy ýazmadyk eser, döretmedik ýazyjy-şahyr, aýdym aýtmadyk, saz döretmedik bagşy-sazanda ýok bolsa gerek. Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler bular hakynda aýtmak bilen gelin-gyzlar hakynda ýazylan goşgulary okadylar. Şeýle hem dabaramyzyň çäginde birnäçe tapawutlanan ýaş hünärmenlerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy. Olar söhbetleriniň soňunda bize şeýle ajaýyp durmuşy bagyş eden Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.