Dünýäniň bar görki enedir ene
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda kitaphananyň ilkinji zenanlar guramasy bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň 132-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli «Dünýäniň bar görki enedir ene» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda kümüş saçly enelerimiz, olaryň mähremligi, perzentlerine söýgüsi, nesillere nusgalyk el hünäri barada täsirli gürrüňler edildi. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň el hünäri barada, şeýle-de häzirki wagtda ýurdumyzda zenanlara döredilip berilýän giň mümkinçilikler barada hem aýratyn nygtaldy. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda aýratyn täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda zenanlara, mährem enelere çäksiz sarpa goýýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.