Zenan kalby – bahar ýaly mylaýym


Zenan kalby – bahar ýaly mylaýym

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Zenan kalby – bahar ýaly mylaýym» ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde jemgyýetimizde uly orun eýeleýän mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza belent sarpa goýulýar. Milli gylyk-häsiýetleri özünde jemleýän, Watana, il-güne maşgala ojagyna wepaly, zähmetsöýer, mähir-muhabbetini, söýgüsini nesil terbiýesine bagyş eden güller ýüzli, mylaýym sözli zenanlarymyz, mylakatly, dilleri senaly enelerimiziň bahar gülleri ýaly owadan gyzlarymyzyň hem jemgyýetimizde uly orna mynasypdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda ähli zenanalarymyza uly hormat sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.