Magtymguly Pyragy – türkmeniň şam-çyragy


Magtymguly Pyragy – türkmeniň şam-çyragy

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 74-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen «Magtymguly Pyragy – türkmeniň şam-çyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri okuwçylara Pyragynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti, ýaşlarda watançylyk, mertlik, arassa ahlaklylyk, dogruçyllyk, adalatlylyk ýaly oňat häsiýetleri terbiýelemekde eýeleýän orny barada täsirli gürrüňler berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi bilesigeliji okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.

Geçirilen söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.