Görkana nuruny äleme çaýyp, Berkarar döwlete Nowruzym gelýär
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Görkana nuruny äleme çaýyp, Berkarar döwlete nowruzym gelýär» ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Milli bahar baýramynyň halkara derejesinde baýram edilip geçirilýänligi, oňa laýyklykda bu baýramçylygyň halkaryň arasynda parahatçylygy berkidýän hem-de gündogar halklaryň taryhy-medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýan halkara baýramçylykdygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de, halkara Nowruz baýramy biziň günlerimizde hem halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolup, bize gözellik we hoşniýetlilik duýgularyny peşgeş berip, dost-doganlyga, agzybirlige, täze üstünliklere çagyrýanlygy barada giňişleýin belläp geçdiler.
Çäräniň dowamynda Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň Milli bahar baýramyna bagyşlap ýerine ýetiren şygyrlary, aýdymdyr sazlary çärä gatnaşýanlara ruhy lezzet paýlady. Şeýle-de kitaphana hünärmenlerimiz tarapyndan guralan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy.