Magtymguly sözle bu şirin dilde
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet institutynyň bilelikde guramagynda «Magtymguly sözle bu şirin dilde» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýänligi, türkmen nusgawy edebiýatynda uly yz galdyran, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň baky şöhrata beslenen ady diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem dünýä edebiýatynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylandygy barada bellediler. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli watanymyzda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren, hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy hem-de akyldar şahyryň tutuş adamzada söz mülküni, bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak pähimleri, nesihatlary, öwüt-ündewleri ýadygär goýanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.