Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym


Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym» ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döredip, nesilden-nesle geçirip gelýän däp-dessurlaryna, milli baýramlaryna sarpa goýulýanlygy, Nowruz baýramy gözel tebigatymyzyň täzelenişini alamatlandyrmak bilen bir hatarda, adamlaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak däplerini pugtalandyrýanlygy, şeýle-de halkymyzyň Milli bahar baýramyny Halkara Nowruz gününi ak öýler, bereketli gazanlar, ruhubelent aýdym-sazlar, hoşniýetli arzuw umytlar hem-de şatlyk-şowhun bilen giňden belleýänligi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda Arkadag şäheriniň Şükür bagşy adyndaky sazçylyk mekdebiniň bagşy-sazandalarynyň şirin owazly aýdym-sazlaryna giň orun berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli däp-dessurlarymyzy dünýä ýaýmakda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.