Täzelenişiň hem janlanyşyň baýramy


Täzelenişiň hem janlanyşyň baýramy

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 28-nji orta mekdebi bilen bilelikde Halkara Nowruz baýramy mynasybetli «Täzelenişiň hem janlanyşyň baýramy» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresini geçirdi.

Dabaranyň dowamynda mekdebiň höwesjeň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Milli Bahar baýramy mynasybetli gyz-gelinleriň arasynda Nowruz baýramyna mahsus bolan milli tagamlary taýýarlamak esasynda bäsleşik geçirildi. Şeýle-de baýramçylyk mynasybetli aýdym-sazly, şowhunly çykyşlar boldy. Gyzlaryň ýerine ýetiren «Küştdepdi» tansy, baýramçylyk mynasybetli gurnalan sergi dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda türkmen milli däp-dessurlaryny belende göterýän, milliliklerimize çäksiz hormat-sarpa goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.