Gelse Nowruz äleme


Gelse Nowruz äleme

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Aşgabat şäher medeniýet müdirligi, Bagtyýarlyk etrap häkimligi bilen bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli Çüli ýaýlasynda «Gelse Nowruz äleme» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Baýramçylyk çärede Köpetdagyň etegini etekläp oturan Çüli ýaýlasynda türkmen gelin-gyzlary al-ýaşyl geýinip, halk döredijiliginiň dürli görnüşlerini ýerine ýetirip, gopuz çalyp, ene-mamalarymyz bolsa türkmen milli tagamlaryny taýýarlap, toý saçagyny giňden ýazyp Milli bahar baýramyny şatlyk-şowhun bilen bellediler.

Çäräniň ahyrynda gadymdan gelýän baýramlarymyzy, däp-dessurlarymyzy bellemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.