Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy, Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi we kitap sergisi gurnaldy.
Çärede çykyş edenler Nowruz baýramynyň gadymy baýram bolup, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýanlygyny, bu baýramda türkmen halky milli däp-dessurlary ýerine ýetirip, türkmen tagamlarynyň birnäçe görnüşlerinden taýýarlap, aýratynam semeni tagamyny bişirip uly şatlyk-şowhun bilen belleýändikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda birnäçe goşgulary bilen çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.