Berkarar diýara Nowruz gelipdir


Berkarar diýara Nowruz gelipdir

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 130-njy orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Berkarar diýara Nowruz gelipdir» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Halkara Nowruz galkynyşyň, gülleýişiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýänligi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam, Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridigi barada bellediler.

Çäräniň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.