Baharyň nurana keşbi


Baharyň nurana keşbi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy hem-de Gypjak, Ýasmansalyk medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda Gypjak ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjysy Bäşimowlaryň maşgalasynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Baharyň nurana keşbi» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halky pasyllaryň soltany hasaplanýan bahar paslynda Milli bahar baýramyny uly dabara bilen giňden bellenilip geçilýänligini, şeýle-de Nowruz baýramynda naz-nygmatlary taýýarlap, ýaňy gögeren ýaşyl bugdaýdan taýýarlanan semeni bişirilip, birek-birege hödür kerem edilýänligi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda milli mirasymyzy gaýtaryp beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.