Nowruz – gadymy hem nowjuwan baýram


Nowruz – gadymy hem nowjuwan baýram

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy, Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz – gadymy hem nowjuwan baýram» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň her bir gününiň toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenmegi, türkmen halkynyň milli baýramlarynyň biri bolan Milli bahar baýramy, Halkara Nowruz güni barada, baýramyň taryhy, gelip çykyşy, goňşy halklarda bellenilişi, Nowruzda ýedi dürli tagamlaryň taýýarlanyşy, esasan-da milli tagamlarymyzyň biri bolan semeniniň bişirlişi we bu baýram mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän çäreler barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň «Ýaşlyk» höwesjeň halk topary ajaýyp aýdymdyr-sazlary bilen çykyş etdiler.