Bagtyýar döwrümizde aýdym-saz sungatynyň sarpasy


Bagtyýar döwrümizde aýdym-saz sungatynyň sarpasy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Bagtyýar döwrümizde aýdym-saz sungatynyň sarpasy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halk aýdym-saz sungatynda beýik halypalarymyzyň çeken päk zähmeti, siňdiren taýsyz zehini, bu günki gün bellentden sarpalanýandygy, türkmen aýdym-saz sungatyny arşa galdyran ussat bagşy-sazandalarymyzyň hakydalarda hem kalplarda müdümi ýaňlanjak aýdym-sazlary, häzirki kämil saz sungatymyzyň özenine, daýanjyna öwrülenligi barada belläp geçdiler. Şeýle-de halypalaryň döreden bu beýik ýoly ýaş sungat ussatlaryny, häzirki nesiller üçin ýol-ýörelge bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.