«Ýol hereketiniň howpsuzlygy siziň ömrüňiziň rahatlygy»
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy paýtagtymyzda ýerleşýän 132-nji orta mekdebiň ýanynda döredilen çagalaryň tomusky dynç alyş we sagaldyş meýdançasynda çagalar bilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy siziň ömrüňiziň rahatlygy» atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ýol hereketiniň düzgünlerini, kadalaryny dogry berjaý etmek barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphanamyzyň hünärmenleri çagalar bilen ýoly geçmek üçin ýolyşygyna seretmegiň, şäheriň köçelerindäki geçelgelerden ýol hereketiniň kadalary boýunça geçmegiň, ýanýodalardan ýöremegiň hem-de ýerasty geçelgelerden geçmegiň düzgünleri boýunça sorag-jogap alyşdylar. Şeýle-de kitaphanamyzyň gurnan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň erkana durmuşda ýaşamagy, okamagy, öwrenmegi, gowy dynç almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.