Gahrymanlaryň eserleri pähim-paýhas çeşmesi, bagtyýar türkmen ýaşlary nesihatyň teşnesi!


Gahrymanlaryň eserleri pähim-paýhas çeşmesi, bagtyýar türkmen ýaşlary nesihatyň teşnesi!

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti we Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde «Gahrymanlaryň eserleri pähim-paýhas çeşmesi, bagtyýar türkmen ýaşlary nesihatyň teşnesi!» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhy gymmatlygymyzyň genji-hazynasy bolan kitabyň ýaş nesillerimiz, talyplarymyz tarapyndan uly söýgi bilen okalýandygy, ylaýtada olaryň Gahryman Arkadagymyzyň durmuş mekdebi bolan gymmatly kitaplaryny, biziň şu günki bagtyýar ýaşlarymyz we talyplarymyz üçin uly pähim-paýhas we durmuş mekdebidigini, ýaşlarda Watany söýmekligiň, özüňde iň ýagşy gylyklary terbiýelemekde, kitaby söýmekde, ylym-bilim almakda bu gymmatly kitaplaryň belli bahasy ýoklygy barada söz açyp giňişleýin nygtadylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.