Sagdynlyk ýörelgesi – durmuşyň gözelligi


Sagdynlyk ýörelgesi – durmuşyň gözelligi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Sagdynlyk ýörelgesi – durmuşyň gözelligi» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Halkyň saglygy, abadan bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýip nygtaýşy ýaly, eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, saglygy gözüň göreji deýin goramak, biziň her birimiziň özümize bagly bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitaplary bolsa halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanma bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.