Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti


Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäherindäki 130-njy orta mekdepde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň ýan kitaplaryna öwrülen eserleriniň, many mazmuny, terbiýeçilik ähmiýeti, durmuşyň gözelligi, zeminiň abadançylygy, ýaşaýşyň ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn ýaşaýşyň ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-dogan gatnaşyklary, halallykdan sapak edinmek, ýagşylyk etmek ýaly türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerligi, belent adamkärçiligi, Watana wepalylygy, päk ahlaklylygy ýaly düşünjeleri rowaýatlaryň, tymsallaryň üsti bilen açylyp görkezilýändigi, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň ýaş nesiller üçin aýratyn gymmatly hazynadygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.