Saglyk ömrümiziň bezegi
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we Sport institutynyň bilelikde guramagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Saglyk ömrümiziň bezegi» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Bütindünýä saglyk güni Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine laýyk ösdürmek boýunça giň gerimli özgertmeleriň alnyp barylýandygy, şeýle-de ýurdumyzyň abadan geljegi üçin kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, häzirki zaman döwrebap we ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezleri, hassahanalary, şypahanalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmek, sagdyn-durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek babatda uly ösüşler gazanylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde uly işler alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.