Änew–müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet


Änew–müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň «Änew–müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly gymmatly kitaby barada tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew–müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby üstünden beýik-beýik ynsanlar ýaşan, döreden, guran gadymy Änew topragyna edebi, taryhy zyýarat. Bu kitap hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylda Ahal topragyna aýlanmagyndan galan täsirleriň netijesinde edilen uzak-uzak gözlegleriň miwesi hakynda, şeýle-de ussatlaryň dünýäsine, gadymyýetiň gursagyna syýahatyň täsiriniň uly bolandygyna «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Geçmişiň syry galan toprak», «Watan hakyndaky müdimi owaz» ýaly bölümleriň sözbaşylarynyň owazlylygyndan hem göz ýetirmek bolýar. Ol täsir turuwbaşdan okyjynyň kalbyna-da aralaşýar. Şeýdip, okyjy «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» ýaly baplaryň içi bilen geçmişiň çuňluklaryna aralaşyp ugraýar. Ol çuňluklar durşuna hazynadyr diýip, giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.