Ynsan saglygy-ýurduň baýlygy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Ynsan saglygy-ýurduň baýlygy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede çykyş edenler ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek ugrunda ägirt uly işler alnyp barylyp, eziz Diýarymyzda döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan adam hakyndaky alada uly üns berilýändigini, ýurdumyzda döwrebap lukmançylyk merkezleri, şypahanalary, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri, sport desgalary halkymyza, bagtyýar ýaşlarymyza hyzmat edip, her bir gurulýan binanyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýanynda sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilik döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän ajaýyp kitaplarynyň üsti bilen halkymyzyň saglygyny berkitmekde, keselleri bejermekde, olaryň öňüni almakda uly işleriň alnyp barylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda halkymyzyň saglygy ugrunda bimöçber işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.