Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy» ady bilen kitap sergi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde jemgyýetiň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adam saglygyny goramak Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýanlygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dünýäniň iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen, döwrebap keselleri anyklaýyş we sagaldyş merkezleriniň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, şypahanalaryň mysalynda hem görmek bolýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik köp jiltli kitaplaryň ýurdumyzda bitýän dürli dermanlyk ösümlikleriniň taýýar görnüşleri, melhemlik çaýlarynyň birnäçesi bilen tanyşdyryldy.
Çäräniň ahyrynda halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde ýan kitaplarymyza öwrülen kitaplary üçin hormatly Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.