Türkmenistan – sportuň we sagdynlygyň rowaçlanýan mekany


Türkmenistan – sportuň we sagdynlygyň rowaçlanýan mekany

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäherindäki «Bagtyýar nesiller» adyndaky 74-nji orta mekdebinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Türkmenistan – sportuň we sagdynlygyň rowaçlanýan mekany» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň «Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar» diýen ynsanperwer ýörelgeleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Eziz Diýarymyzda ilatyň saglygyny we ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmak, olaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin uly tagallalaryň edilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýaş nesiller hakynda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.