Hormatly Prezidentimiziň «Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby


Hormatly Prezidentimiziň «Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň bilelikde guramaklarynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan dörän «Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlap, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew - müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp eserini peşgeş bermegi bütin türkmen halkyna gymmatly sowgat bolandygyny, bu kitapda beýik taryhymyzyň şöhratly sahypalary giňden beýan edilip, gadymy Änew şäheri diňe taryhy bilen däl, eýsem şu günki ajaýyplygy we uzak gelejege gönügen ösüşli beýik maksatlary bilen dünýäniň ünsüni özüne çekýändigi hakynda uly buýsanç bilen beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda medeni mirasymyzy öwrenmäge, dünýä ýaýmaga, ýaş nesillerimize ýetirmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.