Magtymguly Pyragy – türkmen edebiýatynyň beýik şahyry
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragy – türkmen edebiýatynyň beýik şahyry» ady bilen aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler türkmen halkynyň milli buýsanjy, guwanjy bolan Magtymguly Pyragynyň türkmen jemgyýetiniň öňünde bitiren hyzmatlary, ömri we döredijiligi barada belläp, şahyryň ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, bütewiligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýandygy, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşy bolup durýandygy barada giňişleýin belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine çuňňur sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.