Toýdur baýramlaryň bezegi bedew
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Toýdur baýramlaryň bezegi bedew» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Baýramçylyk dabarasyna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlaryny myhmançylyga çagyryldy. Bu baýramçylykda çykyş edenler gamyşgulak bedewlerimize ýurdumyzdaky berilýän ünsüň uludygyny belläp geçdiler. Baýramçylygyň dowamynda inçe billi bedewler barada ajaýyp goşgular aýdyldy. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda «At türkmeniň buýsanjy» atly giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy. Bu kitap sergisinde dabara gatnaşyjylarda özlerini gyzyklandyrýan maglumatlaryny almaga mümkinçilikleri döretdi.