Kitap – geçmiş bilen geljegiň arasyndaky ruhy köpri
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher birleşmesi bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda «Kitap – geçmiş bilen geljegiň arasyndaky ruhy köpri» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet galamyndan çykan «Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyň «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylda halkymyza toýly günlerinde ajaýyp sowgat bolup elimize gowuşdy. Bu ajaýyp kitapda Änewiň müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetini açyp görkezmek arkaly tutuş taryhy ylmyna täzeçe garaýyşlar çeper beýan edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen, iňlis, rus dillerindäki bu eserini okan her bir okyjy halkymyzyň taryhy barada özi üçin täze gözýetimleri açýar. Taryhy ýazuw çeşmeleri bilen birlikde, arheologiýa, etnografiýa, edebiýat, paleogeografiýa ýaly ylymlaryň maglumatlarynyň halk hakydasynda orun alan rowaýatlardyr tymsallar bilen utgaşdyrylyp, biri-biriniň üstüni ýetirip beýan edilmegi eseriň ylmy ähmiýetini has-da artdyrýanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda gadymy taryhymyzy öwrenmäge, olary dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.