Pyragynyň eserleri, nesillere ruhy mekdepdir
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda «Pyragynyň eserleri, nesillere ruhy mekdepdir» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde adamzadyň kalbynda öçmejek uz goýýan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi gymmatly mirasdyr, ruhy hazynadyr. Çünki akyldar şahyryň ynsanperwerlige, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine ruhlandyrýan ajaýyp eserleri diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, bütin dünýä üçin gymmatly gollanma bolup durýandygy barada belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda nusgawy şahyrymyzyň ajaýyp eserlerini, milli mirasymyzy ylmy esasda öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.