Bedew - türkmen üçin bagtyň başydyr
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Bedew - türkmen üçin bagtyň başydyr» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Çärede Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen türkmen ahalteke bedewleriniň bütin dünýäde uly ornunyň bardygy, ýurdumyzda atçylygy ösdürmekde döwlet goldawynyň berilýändigi, her ýylda bedew baýramçylygy giňden dabaraly ýagdaýda bellenilýändigi barada belläp geçdiler. Şeýle-de ýurdumyzda gözelligiň we ajaýyplygyň nusgasy hasaplanýan ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki at-abraýyny has hem belende galdyrylmagy ugrunda ähmiýetli işleriň amala aşyrylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, alkyş sözleri aýtdylar.