Halypany hatyralap


Halypany hatyralap

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 21-nji terbiýeçilik orta mekdebinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdi Kerbabaýewiň doglan gününiň 130 ýyllygyna bagyşlap «Halypany hatyralap» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz ýazyjynyň ömri döredijiligi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Mekdep okuwçylary hem öz gezeginde ýazyjynyň goşgularyny aýdyp bermek bilen bir hatarda onuň eserlerinden sowal-jogap alyşdylar. Kitaphana hünärmenimiz Berdi Kerbabaýewiň diňe ýazyjylyk bilen meşgullanman, ýene bir ösdüren ugry bolan edebiýatşynaslykdy diýip nygtap geçdi. Gurnalan göçme kitap sergisi söhbetdeşlige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekillerini ösüp gelýän ýaş nesle wagyz etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan etdiler.